2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda geçirilen bu çärede Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Wodorod energetikasy merkeziniň direktory B.Welhanow “Ýaşyl energetikany ösdürmekde we klimatyň ütgemeginiň öňüni almakda ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak” diýen temada çykyş etdi.
Ol çykyşynda Wodorod energetikasy merkezinde alnyp barylýan işler hem-de uniwersitetde bu ugurda ýaş hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak barada amala aşyrylýan işler barada habar berdi.
Hasabat tegelek stoluň gatnaşyjylary tarapyndan uly gyzyklanma bilen diňlendi we çykyşa degişli köp soraglar berildi.