Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ilkinji Zenanlar guramasy tarapyndan gurnalan talyp gyzlaryň arasynda 2024-nji ýylyň maý aýynyň 14-ne Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli “Baýdagyň belentdir dünýä öňünde” atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
Türkmen halkynyň ebedi saklaýan mukaddeslikleriň biri hem mukaddes baýdagymyzdyr. Döwlet nyşanlary halkymyzyň sarsmaz bitewligini, onuň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we döredijilik ýaly asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýandygyny çykyş edenler belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler we başymyzyň täjine deňelýän Döwlet Baýdagymyz asuda asmanymyzda parahatçylygyň, bagtyýarlygyň nyşany hökmünde hemişe pasyrdap durmagyny, asmanymyzyň ýaraşygy ýaşyl Baýdagymyz elmydama äleme nur paýlamagyny arzuw etdiler.