Wodorod energetikasy merkezi

«Wodorod energiýasynyň ösüşiniň geljegi: innowasiýalar we tehnologiýalar» atly okuw maslahaty geçirildi (wideo aragatnaşyk arkaly)

       2022-nji  ýylyň aprel aýynyň  28-29-yna  Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky  Halkara   nebit  we  gaz  uniwersitetinde  Ýewropada  Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň  gurnamagynda  «Wodorod energiýasynyň  ösüşiniň  geljegi:  innowasiýalar we tehnologiýalar» atly  temasy  boýunça Wodorod energetikasy  merkeziniň  hünärmenleriniň  we ýurdumyzyň degişli  edaralarynyň  gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk  arkaly okuw  maslahaty geçirildi. Maslahata  şeýle-de Türkmenistanyň  Daşary  Işler  Ministrliginiň,Türkmenistanyň  Adalat Ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika  Ministrliginiň, Türkmenistanyň  Maliýe  we Ykdysadyýet  Ministrliginiň, Türkmenistanyň  Bilim Ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, «Türkmengaz» döwlet  konserniniň, «Türkmennebit» döwlet  konserniniň, Türkmenbaşynyň  nebiti  gaýtadan  işleýän  zawodlar  toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar  akademiýasynyň, Türkmenistanyň Daşary  Işler Ministrliginiň  Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen  Döwlet  energetika  institutynyň we Ýagşygeldi Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit  we gaz  uniwersitetiniň  wekilleri gatnaşdylar.      

img