Wodorod energetikasy merkezi

Wodorod energetikany Türkmenistanda ösdürmek boýunça «ýol kartasynyň» tasalamasy boýunça «tegelek stol» (wideo aragatnaşyk arkaly) geçirildi.

     2022-nji ýylyň maý aýynyň 11-ine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnamagynda «Wodorod energetikany Türkmenistanda ösdürmek boýunça «ýol kartasynyň» tasalamasy boýunça tegelek stol» atly temasy boýunça Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň we ýurdumyzyň degişli edaralarynyň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahaty geçirildi. Maslahata şeýle-de, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň, Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak Ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň,«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň,Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet Ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

img