“Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy we tehniki mümkinçilikleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda çykaran 2581-nji Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň” meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň wodorod energetikasy pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda 2023-nji ýylyň fewral aýynyň 24-ne Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan sanly ulgam arkaly wodorod energiýasynyň ösüşine bagyşlanan “Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy we tehniki mümkinçilikleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň, halkara guramalarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, şeýle hem belli alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary hem-de dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň ylym-bilim ulgamynyň 100-e golaý hünärmenleri gatnaşdylar.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde sergi gurnaldy. Onda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, uniwersitetiň gurluşyny açyp görkezýän maket, şeýle hem täze guruljak önümçilik kärhanalaryň maketleri, ylmy barlaglaryň we taslamalaryň netijesinde alnan önümleriň nusgalary, Türkmenistanyň Milli muzeýiniň eksponatlary, ýagny milli egin-eşikler, haly we haly önümleri, dokmaçylykda ulanylýan gurallar, şekilli haly, milli saz gurallary, durmuş esbaplary görkezildi.
Maslahat uniwersitetiň rektorynyň gutlag sözleri bilen başlandy we onda göni we sanly ulgam arkaly aşakdaky wekiller, ýagny:
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory (Türkmenistan), Daşkent döwlet tehniki uniwersitetiniň rektory (Özbegistan), “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň “Galkynyş” gaz känini toplumlaýyn öwrenmek we ylmy esaslandyrylan taslamalary düzmek bölüminiň “Galkynyş” gaz känini işläp geçmek we halkara gaz geçirijiler laboratoriýasynyň müdiri (Türkmenistan), CNPC-niň Nebit-himiýa gözleg institutynyň professory (Hytaý Halk Respublikasy), “Iwatani Corporation” kompaniýasynyň wodorod gazlar bölüminiň baş müdiri (Ýaponiýa), “Itoçu Korporeýşn” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň Baş menejeri (Ýaponiýa), Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň “International Ltd.” Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory (Hytaý Halk Respublikasy), "Kawasaki Heavy Industries, Ltd."kompanoiýasynyň tebigy gazdan (GTG) benzin öndürýän zawod taslamasynyň dolandyryjysy (Ýaponiýa), Hebeýiň nebit hünärment we tehniki uniwersitetiniň professory (Hytaý Halk Respublikasy) “ENITurkmenistan Ltd” kompaniýasynyň aktiwler boýunça menejeri (Italiýa), Sian uniwersitetiniň professory (Hytaý Halk Respublikasy), “PETRONAS”Tehnologiýa uniwersitetiniň Himiýa maşyn gurluşygy kafedrasynyň professory (Malaýziýa), Londonyň Imperial kollejiniň himiýa maşyn gurluşygy kafedrasynyň müdiri (Beýik Britaniýa), Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory (Türkmenistan), Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Wodorod energetikasy merkeziniň direktory (Türkmenistan), Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory(Türkmenistan) online, Linz uniwersitetiniň Halkara marketinginiň biznes dolandyryşy boýunça magistri (Awstriýa) online, “Turkmengaz” DK-niň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory (Türkmenistan), MAGATE-niň ýadro energiýasy we tehnologiýasyny ösdürmek bölüminiň elektrik däl programmalar taslamasynyň tehniki dolandyryjysy (Awstriýa), Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkeziniň direktory (Türkmenistan), “Dragon Oil Turkmenistan Ltd” kompaniýasynyň gorlary üpjün etmek boýunça menejeri (Birleşen Arap Emirlikleri), Kazan Milli Gözleg Tehnologiýa Uniwersitetiniň Logistika we Dolandyryş bölüminiň müdiri (Russiýa Federasiýasy), Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghana müdiri (Türkmenistan) çykyş etdiler.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda tebigy gazdan wodorod ýangyjyny almagyňusullary, aýratynlyklary, geljegi we bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlagişleriniň we taslamalaryň netijeleri barada tejribe alşyldy.
Forumyň işi ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem-de internet ulgamynda giňden beýan edildi.