Uniwersitetiň gurluşy

Aspirantura bölümi

12 Sentýabr 2023

        Türkmenistanyň  Prezidentiniň  2013-nji  ýylyň  9-njy  awgustynda  çykaran “Türkmen döwlet nebit we  gaz institutyna halkara uniwersiteti derejesini bermek hakynda” PP – 6391 belgili permanyna we “Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň meseleleri hakynda” PP – 13161 belgili Kararyna hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2013-nji ýylyň 12-nji awgustyndaky 249 belgili buýrugyna laýyklykda, Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna halkara uniwersiteti derejesiniň berlip,onuň Halkara  nebit  we gaz  uniwersiteti  diýlip atlandyrylmagy  bilen  baglylykda, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň 2013-nji  ýylyň  5-nji  sentýabryndaky 82-nji buýrugy bilen aşakdakygörkezilen hünärler boýunça aspirantura  we doktorantura döredildi: Häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň aspiranturasynda 7 aspirant we 1 sany ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär hasaba alnyp, olar ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça öz dissertasiýa işlerini ýerine ýetirýärler.

T/bHünärleriň şifri we ady             Aspirantura                  Doktorantura
1.05.04.03 - Sowadyjy we kriogen tehnikasynyň, kondisionirleýji ulgamlaryň we ýaşaýyş üpjünçiliginiň maşynlary we abzallary, prosesleriAspirantura
2.25.00.07 - GidrogeologiýaAspirantura
3.25.00.08 - Inžener geologiýasy, doňaklygy we (teýgum) ýer astyny öwrenişAspirantura
4.25.00.12 - Nebitli we gazly ýataklaryň geologiýasy, gözlegi we agtarylyşyAspiranturaDoktorantura
5.25.00.15 - Guýulary gazmagyň we özleşdirmegiň tehnologiýasyAspirantura
6.25.00.17 - Nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek we ulanmakAspiranturaDoktorantura
7.25.00.19 - Nebit-gaz geçirijileri, ammarlary we saklanýan ýerlerini gurmak we ulanmakAspirantura
8.25.00.25 - Geomorfologiýa we ewolýusion geografiýaAspirantura
9.25.00.36 - Geoekologiýa (tehniki ugry)
Aspirantura

Habarlaşmak üçin

  1. Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Baş bina, 10-njy gat, otag, 1013
  2. Tel: (+99312) 39-13-09
  3. Faks: (+99312) 39-14-00  
  4. E-mail: iuog@sanly.tm
  5. Web-saýt: iogu.edu.tm