Uniwersitetiň gurluşy

Kitaphana

12 Sentýabr 2023

     Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetiniň  (HNGU)  kitaphanasy  2012-nji  ýylda  döredildi. Häzirki  wagtda  uniwersitetiň kitaphana  gaznasy  113184  sany  kitapdan  ybarat.Kitaphana  gaznasyndaky  29793  sany  kitap  rus  we beýleki  daşary  ýurt  dillerinde, 83391  sanysy bolsa  türkmen  dilinde  neşir  edilen  kitaplardyr.

      Kitaphana  gaznasy  ylmy-tehniki,  syýasy-jemgyýetçilik  neşirlerinden, okuw  kitaplaryndan  we  gollanmalardan, çeper  edebiýatlardan,  gazet-žurnallardan  ybarat. Kitaphananyň  gaznasy  Türkmenistanyň  Bilim  ministrligi  tarapyndan  berilýän  okuw  kitaplary  we  okuw  gollanmalary   bilen yzygiderli   baýlaşdyrylýar.

      Kitaphananyň  okalgasynda  talyplaryň  dürli  edebiýatlardan  peýdalanmaklary  üçin  ähli  şertler  döredilen.

      Kitaphanada  2012-nji ýyldan  bäri  elektron  kitaphana  hereket  edýär. Elektron  kitaphanada  96  sany  kompýuter  elektron  ulgama  birikdirilip,häzirki wagta  onda  elektron  kitaplaryň  6748-si  ýerleşdirilen,  olardan  3743  sanysy  rus  we  beýleki  daşary  ýurt  dillerindäki, 3005  sanysy  bolsa  türkmen dilindäki  elektron  kitaplardyr.

     Kitaphanada  Türkmenistanyň  Prezidentiniň  çykyşlary, Türkmen  halkynyň  Milli   Lideri  Gurbanguly  Berdimuhamedowyň   syýasy,  edebi-çeper,  ylmy-ensiklopedik   kitaplary  boýunça  sergiler, okyjylar   maslahatlary,  alymlar, ýazyjy-şahyrlar,  sungat  işgärleri  bilen  döredijilik  duşuşyklary  gurnalýar.  

             Kitaphananyň işiniň esasy ugurlary:

·          uniwersitetiň  hünär  ugurlaryna,  bilim  maksatnamalaryna  we  maglumat   zerurlyklaryna  laýyklykda  kitaphananyň  gaznasyny  döretmek  arkaly talyplaryň  ýokary  hilli  bilim  almagyna hem-de ylmy  we  innowasion  işleri  ösdürmäge  ýardam  etmek;

·          iri  we  ýöriteleşdirilen  kitaphanalar  tarapyndan  okyjylara  berilýän  maglumatlaryň  we  bibliografik  hyzmatlaryň  gerimini  giňeltmek;

·          talyplaryň  arasynda  maglumat-bibliografik  bilimleri  wagyz  etmek;

·          kitap  gaznasyny  saýlamak, toplamak,ulgamlaşdyrmak;

·          esasy  okyjylaryň  toparlary  üçin  maglumatlary  tiz  almak  we  gaznalary  elýeterli  etmek;

·          neşirleriň  çap  edilen  we  elektron  görnüşlerinde  netijeli  maglumat  gözlemek  mümkinçiligini  döretmek;

·          hyzmatlar, kitaphana  gaznasy,şeýle  hem  bilim, innowasiýa  we  ylmy  işler  barada  maglumat  bermek  maksady  bilen,uniwersitetiň  fakultetleri, kafedralary  we  ylmy-barlag  işlerini  alyp  barýan  bölümleri  bilen  özara  gatnaşygy  saklamak;

·          gaznalaryň  tükelligini  üpjün  etmek;

·          kitaphana  tarapyndan  hödürlenýän  hyzmatlar  barada  habar  bermek.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Baş bina, 1-nji gat, otag 113
  • Tel: (+99312) 39-13-16
  • Faks: (+99312) 39-14-00
  • E-mail: iuog@sanly.tm
  • Web-saýt: iogu.edu.tm