TÄZELIKLER

img

Dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşda üstünlik

27 Mart 2023

    Berkarar  döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe  türkmen sportunyň  taryhyna  täze sahypalar  ýazylýar. Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamly, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmäge ukyply ýurt hökmünde tanalýar.

   “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 24-27-nji martynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde sportuň Söweş sambo görnüşi boýunça Dünýä kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Mämmetgurbanow Mämmetgurban 88 kg agramda III orna mynasyp boldy.

   Bu üstünlik ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.

   Türgenlerimiziň dünýä derejesindäki üstünlikli çykyşlary sporty söýüjilerde guwanç, buýsanç duýgularyny döredýär.