Baýrakly orunlary eýelediler
Türkmenistanyň sport äleminde belent abraýa eýe bolmagy Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu ugra aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzda çempionatlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.
Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde netijeli işler alnyp barylýar.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly”diýlip yglan edilen 2023-nji ýylyň 09-12-nji noýabrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilen sportuň dzýudo görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ramazanow Mekan 60 kg agramda çykyş edip, I orna mynasyp boldy.
Şol fakultetiň 1-nji ýyl talyby Agamämmedow Ali hem sportuň dzýudo görnüşi boýunça 60 kg agramda üstünlikli çykyş edip, II mynasyp boldy.
Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.