TÄZELIKLER

img

XXXIII Tomusky Olimpia oýunlaryna tarap ýol

03 Maý 2024

      Sagdynlygy we ruhubelentligi berkarar etmegiň ilkinji şerti hökmünde sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek möhümdir. Şeýle bolansoň, sagdyn durmuşyň tarapdary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygynyň mekany hökmünde özüni dünýä tanatmagy başardy.

      Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň gazanýan uly ýeňişleri, görkezýän ýokary netijeleri muny doly tassyklaýar.

      2024-nji ýylyň 23-nji aprelinden 3-nji maýy aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň Halkara saýlama ýaryşynda sportuň suwda ýüzmek görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

      Ýaryşda 800 metr erkin ýüzmek görnüşinden Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Geologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Žalaýew Musa üstünlikli çykyş edip, III orna mynasyp boldy hem-de Parižde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýolanma aldy.