Wodorod energetikasy merkezi

Wodorod energiýasyny senagatda ulanmak boýunça UNIDO-nyň global hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ösüş boýunça dialogynyň ikinji mejlisi geçirildi (wideo aragatnaşyk arkaly)

     2022-nji ýylyň aprel aýynyň 22-ine wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Wodorod energiýasyny senagatda ulanmak boýunça UNIDO-nyň global hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ösüş boýunça dialogynyň ikinji mejlisine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döredilen Wodorod energetikasy merkeziniň iş topary hem-de uniwersitetiň professor-mugallymlary işjeň gatnaşdylar. Mejlis Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) tarapyndan geçirilip, onda ýaşyl wodorody öndürmekde bu guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda bütin dünýä hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Mejlisde Awstriýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Hytaýyň, Müsüriň, Günorta Afrikanyň bilermenleri çykyş etdiler. Mejlise şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň,“Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň,“Türkmennebit”döwlet konserniniň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň,TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

img