Wodorod energetikasy merkezi

Beýik Britaniýanyň «Petrofac» kompaniýasynyň energiýa serişdelerini öndürmek bilen bagly tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşma maksady bilen iş duşuşygy (wideo aragatnaşyk arkaly).

      2022-nji ýylyň iýul aýynyň 1-na sagat 15:00-da Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Beýik Britaniýanyň «Petrofac» kompaniýasynyň gurnamagynda «Energiýa serişdelerini öndürmek bilen bagly tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak» atly temasy boýunça Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň we ýurdumyzyň degişli edaralaryny gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata şeýle-de Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet Ministrligi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň,«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. 

img