2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Energetika ulgamyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen bu forum diňe bir adaty görnüşde däl-de, eýsem, dünýäniň onlarça ýurtlaryndan sanly ulgam arkaly halkara guramalaryň we kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Foruma ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly halkara guramalaryň, öňde baryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri we bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşdylar.
Forumda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory“ Senagatda wodorod energiýasyny öndürmegiň usullary we geljegi” atly tema boýunça çykyş etdi.
Belli bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen “Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasy” we ony durmuşa geçirmek üçin Meýilnama tassyklandy. Bu resminamalar, “2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Energetika diplomatiýasyny ösdürmek maksatnamasynda” kesgitlenen meseleleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmeklige niýetlenendir we energetikada bu ugruň emele gelmegi bilen baglanyşykly strategiki çäreleriň toplumynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär. Çykyşda wodorod energiýasynyň eksporta gönükdirilendigi bilen baglylykda, bu ugurda Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň wajypdygy bellenilip geçildi.
Forumda “Ýaşyl” ykdysadyýetiň ösmegi, nebit önümleriniň sarp edilişiniň azalmagy wodorod energiýasynyň işjeň ösmegine getirer diýlip bellenildi we ýakyn geljekde onuň ekologiýa taýdan arassa önümçilige we transporta ýetmäge mümkinçilik berjekdigi nygtalyp geçildi.
Wodorod energetikasy - bu önümçilikde, ulagly daşamakda we ýangyç serişdesi hökmünde wodorody ulanmaga esaslanýan pudakdyr. Wodorod ýer ýüzünde we kosmosda iň köp ýaýran element hökmünde aýratyn bellidir, wodorodyň ýylylyk berijilik ukyby örän ýokarydyr, onuň kislorodda ýananda emele gelýän önümi bolsa suwdur ( ol wodorod energiýasynyň aýlanyşyna hem girýär). Wodorod energiýasy alternatiw energiýanyň grönüşleriniň biridir. Häzirki wagtda wodorodyň 68 göterimden gowragy tebigy gazdan, 16 göterimi nebitden, 11 göterimi – kömürden we 5 göterimi – elektroliz arkaly öndürilýär. Wodorody almagyň iň arzan usuly ony tebigy gazdan almakdyr. Wodorod energiýasyny almagyň elektroliz usuly beýleki usullardan 5 esse gymmatdyr.
Wodorod infrastrukturasynyň ýoklugy ýangyç we dwigatelleriň gymmatlygyndan soň wodorod transportynyň ösmeginde esasy päsgelçilikleriň biridir. Wodorod, esasan, nebiti gaýtadan işlemek we himiýa pudagynda ulanylýar. Uniwersitetimizi tamamlan uçurumlarymyzyň tebigy gazdan ammiak, metanol we benzin ýaly önümleri öndürýän zawodlarda zähmet çekmek başarnyklary aýratyn bellärliklidir.