TÄZELIKLER

img

Ýagşygeldi Kakaew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň topary sportuň futzal görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny aldy

20 Dekabr 2023

     20-nji  dekabrda  Aşgabatda  sportuň  futzal  görnüşi  boýunça  Türkmenistanyň   kubogynyň  jemleýji  duşuşygy  geçirildi. Baş baýragy  almak ugrunda Içeri  işler  ministrliginiň  “Köpetdag”  we  Ýagagşygeldi  Kakaew  adyndaky  Halkara  nebit  we  gaz uniwersitetiniň  “Gara altyn” toparlary  bäsleşdiler.

    Ýaryş Türkmen  döwlet  bedenterbiýe  we sport  institutynyň sport  toplumynda  geçirildi we  3:0 hasaby  bilen “Gara altyn”  toparynyň peýdasyna  tamamlandy.

    Ýeňijiler  tarapyndan  pökgi  geçirmekde  Watan  Ataýew  (20-nji minutda), Maksatseýit  Murjikow  (36-njy minutda)  we  Maksat Amanow  (38-nji  minutda)  tapawutlandylar.

    Ýarym  finalda “Kopetdag” “Gümrükçi” toparyny  5:3 hasaby  bilen ýeňendigini  we “Gara altyn”Superliganyň  häzirki  çempiony “Deňizçi” toparyndan 3:1 hasaby bilen üstün  çykandygyny  bellemelidir.

    Jemleýji  jürlewügiňyz  ýany  ýeňijileri  we  baýrakçylary  sylaglamak  dabarasy  geçirildi. Çempionlaryň  hormat  Kubogyny  we medallary  Türkmenistanyň  Futbol  federasiýasynyň  başlygynyň  wezipesini  ýerine  ýetiriji  Berdimyrat  Nurmyradow  we  TFF-nyň Futzal  bölüminiň  müdiri  Annanur  Gulow  gowşurdylar.