TÄZELIKLER

img

TÜRKMEN TALYBY – HALKARA BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJISI

12 Fewral 2025

Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan düýbi tutulan ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler, ýagny ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek, innowasiýalardan baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamak, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryna oňyn täsir edýän halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşmak üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan uly tagallalar edilýär.

Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegi maksat edinýän “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, hem-de “Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin strategiýasynyň” durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaşlaryň dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşmagyna giň ýol açylýar. Hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim ulgamyndaky üstünlikleriniň, jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň barha ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyndaky we ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmakda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde toplumlaýyn işler alnyp barylýar we üstünlikler gazanylýar. Muňa mysal edip uniwersitetiň Nebit senagaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hallynyýaz Babaýewiň halkara bäsleşiginde gazanan üstünligini buýsanç bilen görkezmek bolar.

2024-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit senagaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hallynyýaz Babaýew Gazagystan Respublikasynyň “Bilim-orkeniýeti” atly innowasion ylmy-barlag merkezi tarapyndan yglan edilen halkara bäsleşigine işjeň gatnaşdy we bilimiň, ylymyň, sungatyň we sportyň ösmegine goşan goşandy üçin ýaryşyň emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi, ýagny I derejeli Diplom, “GDA-nyň iň gowy talyby” atly heýkel, döşe dakylýan nyşan, Sertifikat bilen sylaglandy.

Ýaşlara ylym-bilim ulgamynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmek, tejribe alyşmak we halkara bäsleşiklerine işjeň gatnaşmak üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunymyzy aýdýarys. Goý, Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, Belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti