Wodorod energetikasy merkezi

Ýaponiýanyň «Iwatani» korporasiýasynyň wodorod energiýasynyň önümçiligi bilen bagly tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak (wideo aragatnaşyk arkaly).

     2022-nji ýylyň maý aýynyň 10-yna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaponiýanyň «Iwatani» korporasiýasynyň gurnamagynda «wodorod energiýasynyň önümçiligi bilen bagly tejribesini öwrenmek hem-de bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak» atly temasy boýunça Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleriniň we ýurdumyzyň degişli edaralarynyň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata şeýle-de Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Daşary IşlerMinistrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

img