Wodorod energetikasy merkezi

“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş- 2023” atly halkara sergi we maslahat

     2023-nji ýylyň 03-04 maýy aralygynda Türkmenistanyň söwda-senagat palatasynda ulag-logistika ulgamyna bagyşlanan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş - 2023” atly halkara sergi we maslahat geçirildi.

img

      Halkara maslahatyna dünýäniň 40 ýurdundan 400-den gowrak wekil gatnaşdy. Olaryň hatarynda ugurdaş döwlet we hususy düzümleriň işgärleri, bilermenler, maýadarlar, halkara guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütin dünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Türkmenistandaky diplomatik  wekilhanalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň  wekilleri gatnaşdylar.

     Forumda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu  ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmäge çalyşmagy, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň  üstaşyr ulag ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, esasy işewür  toparlar bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi esasynda şertlendirilendir. Şunuň  bilen birlikde, gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň geljegi uly türkmen  bazarynda netijeli işlemegi üçin amatly hukuk, maliýe-ykdysady şertleriň  döredilýändigi bellenildi.

     Halkara maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz  uniwersitetiniň rektory “Nebitgaz pudagynda innowasiýa tehnologiýalary, ylym, bilim we logistika” atly tema boýunça çykyş etdi.

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ruhy taýdan ösüşi, beden saglygy we häzirki zaman terbiýesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan  ugurlardan biridir. Häzirki wagtda ýurduň bilim ulgamynda giň gerimli  özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär.

     Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanyň wodorod  energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji  ýyllar üçin Ýol kartasyna” laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew andyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energiýasy merkezi döredildi we ylalaşyk esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen onuň iş meýilnamasy tassyklandy. Merkeziň esasy maksady, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan we wodorod energiýasy pudagynda Halkara ylmy hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan, ylmy-barlag işlerini geçirmekden, Türkmenistanda wodorod energiýa pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen, innowasion ylym-bilim programmalaryny döretmekden ybaratdyr.

     Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Wodorod energiýasy merkeziniň işgärleri, şeýle hem uniwersitetimiziň mugallymlary we talyplary üçin aşakdaky, ýagny:

     - Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG);

     - Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüş Guramasy (UNIDO);

     - Halkara Atom Energiýasy Guramasy (IAEA);

     - Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Ind.” we Iwatani korporasiýasy;

     - Beýik  Britaniýasynyň we Demirgazyk Irlandiýanyň "Imperial  CollegeLondon"  ýokary  okuw  mekdebiniň  "Durnukly  gaz institutynyň"  merkezi bilen onlaýn duşuşyklar geçirildi.

     Häzirki wagtda uniwersitetiň Wodorod energiýasy merkezinde işler tassyklananiş meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýar.