Innowasiýa ylmy-okuw merkezi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkezi 2013-nji ýylyň 3-nji maýynda döredilip, merkeziň esasy maksady raýatlara başlangyç, hünär bilimini bermek,talyplara okuwdan daşary okuw kurslaryny geçmek, ilatyň dürli gatlaklaryny kompýuterleşdirmegiň we awtomatlaşdyrmagyň ösüş şertlerinde işe professional taýdan taýýarlamak; edaralaryň ýokary we orta bilimli hünärmenlerine kompýuter sowatlygyndan başlap, gysga möhletli okuw kurslary gurnamak we geçirmek; başlangyç we ýokary okuw mekdebinden soňky hünär biliminiň maksatnamalaryny amala aşyrmak; ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ylyma bolan höwesini artdyrmak, önümçilik maksatly dürli kiçi tejribeleri geçirmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda tejribehana şertlerinde tejribeleri geçirmek; iri möçberli ylmy-tehniki wezipeleri bilelikde çözmek we ýokary okuw mekdepleriniň işläp düzen täzelikleriniň önümçilikde peýdalanylyşyny giňeltmek maksady bilen, ykdysadyýetiň pudaklary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ösdürmek; ykdysady tehniki we maliýe meseleleri boýunça edara görnüşindäki we şahsy taraplara maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek; nebitgaz toplumyna degişli hünärmenleriniň we mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan taýýarlamak ýaly meseleleri merkeziň esasy ugurlarynyň biridir.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýaylmy-okuw merkezi 2013-nji ýylyň 3-nji maýynda “Maglumat tehnologiýalarmerkezi” ady bilen ilkinji gezek döredilip, soňra 2019-njy ýylyň 4-nji martynda “Innowasiýa ylmy-okuw merkezi” diýip üýtgedildi. 2019-njy ýylyň 7-nji iýunyndamerkeziň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndakyHalkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat şahamçasynyň binasyndaInnowasiýa ylmy-okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasy açyldy.
Merkeziň esasy maksady raýatlara başlangyç, hünär bilimini bermek,talyplara okuwdan daşary okuw kurslaryny geçmek, ilatyň dürli gatlaklarynysanly ulgamlary dolandyrmagyň we awtomatizasiýanyň ösüş şertlerinde işeprofessional taýdan taýýarlamak; edaralaryň ýokary we orta bölümleriniňhünärmenlerine kompýuter sowatlygyndan başlap, gysga wagtly hünär derejesiniýokarlandyrmak, okuw kurslary gurnamak we geçirmek; başlangyç degişli goşmaçawe ýokary okuw mekdebinden soňky hünär biliminiň maksatnamalaryny amalaaşyrmak; ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ylyma bolan höwesini artdyrmak,önümçilik maksatly dürli kiçi tejribeleri geçirmek, täze tehnologiýalaryornaşdyrmakda laboratoriýa şertlerinde tejribeleri geçirmek; iri möçberliylmy-tehniki wezipeleri bilelikde çözmek we ýokary okuw mekdepleriniň işläpdüzen täzelikleriniň önümçilikde peýdalanylyşyny giňeltmek maksady bilen, ykdysadyýetiň pudaklary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniösdürmek; ykdysady tehniki we maliýe meseleleri boýunça edara görnüşindäki weşahsy taraplara maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek; nebitgaz toplumynadegişli hünärmenleriniň we mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak,olary gaýtadan taýýarlamak ýaly meseleleri merkeziň esasy ugurlarynyň biridir.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezinde orta mekdep ýaşly okuwçylardan başlap,ýörite orta bilimli, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, dürli pudaklardan hünärmenler merkezde okuw sapaklaryny geçýärler.
Merkez doly hojalyk hasaplaşygy, öz-özüni maliýeleşdirmek we ödemekýörelgelerinde hereket edýär.
Merkezde ýurdumyzyň birnäçe hususy eýeçilikdäki edara-kärhanalar hünärderejesini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlyk okuwlaryny geçýärler. Merkezinde“Areti”, “Eni”, “BUIG”, “Rönesans” kompaniýalaryň hünärmenlerini hünärderejesini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlyk okuwlaryny geçdiler.
“Dragon Oil” kompaniýasy bilen Innowasiýa ylmy-okuw merkezi şertnama baglaşylan. Şertnamanyň mazmunyna laýyklykda,kompaniýanyň hünärmenlerini hünär derejesini ýokarlandyryş we gaýtadantaýýarlyk okuwlaryny geçirmekden ybarat bolup, okuwlar häzirki wagtda meýilnamagörä, tapgyrlaýyn öz işini dowam edýär.
Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasynda nebitgaz ugurlaryboýunça edara-kärhanalaryň 30-a golaýy şertnama baglanyşyp, şertnamanyňmazmunyna we meýilnama laýyklykda, edara-kärhanalaryň hünärmenlerini hünärderejesini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlyk okuwlary geçirýär.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi bilen Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýänzawodlar toplumynyň Tehniki okuw merkezi bilen bilelikdäki özara bähbitlihyzmatdaşlyk şertnamasy esasynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýänzawodlar toplumynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olarygaýtadan taýýarlamak okuwlaryny geçirilip, olary üstünlikli tamamlandiňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnamalary berilýär, okuwlar häzirkiwagtda meýilnama görä, tapgyrlaýyn öz işini dowam edýär.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi bilen Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlartoplumynyň Tehniki okuw merkezinde meýilnama we şertnama laýyklykda, bilimugrunda gazanylan dünýä tejribesini göz-öňünde tutup, Türkmenbaşynyň nebitigaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünärmenlerinden başgada 2500 golaýhünärmenleri dürli daşary ýurt we ýerli kärhanalaryň hünärmenlerini 2021-njiýyldan başlap, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli okatmaga niýetlenen.
Häzirki wagtda Innowasiýa ylmy-okuw merkezinde “Kompýuter sowatlylygy”,“Iňlis dili”, “Rus dili”, “Ýapon dili” we “Nemes dili” dersleri boýunça gysgamöhletli okuwlar tölegli esasda geçirilýär.
“Buraw enjamlarynyň maşinisti”, “Nebit we gaz guýularyny burawlaýjynyň kömekçisi”, “Geofiziki we geologiki işleri boýunça dag işçisi”, “Elektrik togywe gaz bilen kebşirleýji”, “Elektromehaniki synaglaryň we ölçegleriňlaboranty”, “Kompressor we nasos enjamlarynyň maşynisti”, “Nebiti we gazygaýtadan işleýän tehnologiki gurluşlaryň operatory”, “Himiki derňewiňlaboranty”, “Kätip, kompýuteriň operatory”, “Kompýuter tehnikasyny bejeriji wehyzmat ediji ussa”, “Telekeçiligiň esaslary”, “Buhgalter hasabaty”hünärleri boýunça hünär okuwlary we “Burawlamagyň tehnikasy we tehnologiýasy”, “Senagat howpsuzlygy boýunça işler”, “Nebitiň we gazyň geologiýasy”, “Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak”, “Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy”, “Nebit-gaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy”, “1C” maksatnamasy, “Kiçiwe orta işewürlik menejment”, “Maliýe hasabatlylygynyň halkara we millistandartlary”, “Marketing” ugurlary boýunça hünär derejesini ýokarlandyryşokuwlary alnyp barylýar.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi diňe bir okuw işleri bilen çäklenmän, eýsemÝagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ylyma bolan höwesini artdyrmak, ylmy-önümçilik tejribelerigeçirmek, önümçilik bähbitli işleri ýola goýmak ýaly çäreleri amala aşyrýar.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ylyma bolan höwesini artdyrmak, önümçilik maksatly dürli kiçi tejribeleri geçirmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda laboratoriýa şertlerinde synag tejribeleri geçirmek, iri möçberliylmy-tehniki wezipeleri bilelikde çözmek we ýokary okuw mekdepleriniň işläpdüzen täzelikleriniň önümçilikde peýdalanylyşyny giňeltmek maksady bilen, ykdysadyýetiň pudaklary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ösdürmek boýunça bellenmäge mynasyp çäreleri amala aşyrýar.
Häzirki wagtda Innowasiýa ylmy-okuw merkezi dürli edara-kärhanalar bilendürli taslamalary ýerine ýetirýär. Olaryň arasynda buýrujy höküminde “Türkmengaz” döwlet konsernini aýratyn belläp bolar.
Habarlaşmak üçin:
- Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň binasy
- Tel: (+99312)39-14-82
- Faks: (+99312)39-14-00
- E-mail: iuog@online.tm
- Web-saýt: iogu.edu.tm