Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkezi 2013-nji ýylyň 3-nji maýynda “Maglumat tehnologiýalar merkezi” ady bilen ilkinji gezek döredilip, soňra 2019-njy ýylyň 4-nji martynda ady “Innowasiýa ylmy-okuw merkezi” diýlip üýtgedildi. 2019-njy ýylyň 7-nji iýunynda merkeziň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat şahamçasynyň binasynda Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasy döredildi.
Merkeziň esasy maksady raýatlara başlangyç, hünär bilimini bermek, talyplara okuwdan daşary goşmaça taýýarlyk okuwlaryny geçmek; edara-kärhanalaryň ýokary we orta bölümleriniň hünärmenlerine kompýuter sowatlylygyndan başlap, hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan taýýarlamak, gysga wagtly okuw kurslary gurnamak we geçirmek; başlangyç we ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimlerini amala aşyrmak; ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ylma bolan höwesini artdyrmak, önümçilik maksatly dürlikiçi tejribeleri geçirmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda laboratoriýa şertlerinde tejribeleri geçirmek; iri möçberli ylmy-tehniki wezipeleri bilelikde çözmek we ýokary okuw mekdepleriniň işläp düzen täzelikleriniň önümçilikde peýdalanylyşyny giňeltmek, ykdysadyýetiň pudaklary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ösdürmek; kompýuterleri,periferiýa gurluşlaryny we programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak, lomaý satmak; maglumaty işläp we saklaýjy serişdeleriň toplumyny we aragatnaşyk enjamlaryny gurnamak, düzmek, tehniki hyzmatlary etmek; nebitgaz toplumyna degişli hünärmenleriň we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan taýýarlamak; daşky gurşawy goramak boýunça kadalaşdyryjy namalary işläp taýýarlamak ýaly meseleleri merkeziň esasy iş ugurlarynyň biridir.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezinde orta mekdep ýaşly okuwçylardan başlap, orta hünär bilimli, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, dürli pudaklardan hünärmenleriň hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler.
Merkez doly hojalyk hasaplaşygy, öz-özüni maliýeleşdirmek we ödemek ýörelgelerinde hereket edýär.
Merkezde ýurdumyzyň birnäçe hususy eýeçilikdäki edara-kärhanalaryň işgärleri hünär derejesini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlyk okuwlaryny geçýärler. Şu güne çenli Innowasiýa ylmy-okuw merkezinde “Dragоn Oil”, “Areti”, “Eni”, “BUIG”, “BKE buraw kompaniýasy”, “Western Atlas International”, “Mitsubishi Electric AG MELCO Elevator”, “Caspian Drilling Company”, “Rönesans”, “Atlas” daşary ýurt kompaniýalaryň hünärmenlerini hem-de ýurdumyzda hereket edýän hususy telekeçilige degişli “Miýesser” “MawyKenar”, “SGS”, “Ynanç Hyzmat”,“Berk Amal”, “Rowaç Hyzmat”, “Aziýa Ýollar”, “Gazyk”, “Gujurly Inžener”, “UssatInžener” we başga-da 243 sany kärhanalarynyň hünärmenleri hünär derejesini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlyk okuwlaryny geçdiler we geçmeklerini dowam edýärler.
“Dragon Oil” kompaniýasy bilen Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda kompaniýanyň 703 sany hünärmen “Senagat howpsuzlygy boýunça işler” ugry boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlyk okuwlarynyň birinji tapgyryny üstünlikli tamamlap, ikinji tapgyra gadam basdylar.
Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň Balkanabat şahamçasynda nebitgaz ugurlary boýunça edara-kärhanalaryň 70-e golaýy şertnama baglaşyp, şertnamanyň mazmunyna we meýilnama laýyklykda edara-kärhanalaryň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyryş we gaýtadan taýýarlyk okuwlaryny geçirýär.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi bilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Hünär-tehniki orta mekdebi bilelikdäki özara bähbitli hyzmatdaşlyk şertnamasy esasynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olary gaýtadan taýýarlamak okuwlaryny geçirilip, olary üstünlikli tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnamalar berilýär, okuwlar häzirki wagtda meýilnama görä, tapgyrlaýyn öz işini dowam edýär.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi bilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Hünär-tehniki okuw mekdebinde meýilnama we şertnama laýyklykda bilim ugrunda gazanylan dünýä tejribesi göz-öňünde tutulyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünärmenlerinden başga-da 2500-e golaýyny dürli daşary ýurt we ýerli kärhanalaryň hünärmenleriniň 2021-nji ýyldan başlap, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli okatmak göz-öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda Innowasiýa ylmy-okuw merkezinde “Sowadyjy we howa ulgamlary”, “Ekologiýa howpsuzlygy”, “Sanly tehnologiýalar we dolandyryş”, “Iňlis dili”, “Rus dili”ugurlary boýunça gysga möhletli okuwlar tölegli esasda geçirilýär.
“Burawlamagyň tehnikasy we tehnologiýasy”, “Nebit we gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak”, “Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak”, “Tehnik-dozimetrist”, “Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy”, “Tehnologiýa proseslerini we önümçiligi awtomatlaşdyrmak”,“Energetika”, “Nebit we gaz geologiýasynda innowasiýa tehnologiýalarynyň esaslary”, “Nebit-gaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy”, “Senagat howpsuzlygy boýunça işler”, “Kiçi we orta işewürlik menejment”, “Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary” ugurlary boýunça hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary hem-de “Buhgalter hasabaty”, “Buraw enjamlarynyň maşinisti”, “Nebit we gaz guýularyny burawlaýjynyň kömekçisi”, “Geofiziki we geologiki işleri boýunça dag işçisi”, “Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji”, “Elektromehaniki synaglaryň we ölçegleriň laboranty”, “Kompressor wenasos enjamlarynyň maşinisti”, “Nebiti we gazy gaýtadan işleýän tehnologiki gurluşlaryň operatory”, “Himiki derňewiň laboranty”, “Kätip, kompýuteriň operatory”, “Telekeçiligiň esaslary” hünär okuwlary alnyp barylýar.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi diňe bir okuw işleri bilen çäklenmän, eýsem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ylma bolan höwesini artdyrmak, ylmy-önümçilik tejribeleri geçirmek, önümçilik bähbitli işleri ýola goýmak ýaly çäreleri amala aşyrýar.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ylma bolan höwesini artdyrmak, önümçilik maksatly dürli kiçi tejribeleri geçirmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda laboratoriýa şertlerinde synag tejribeleri geçirmek, iri möçberli ylmy-tehniki wezipeleri bilelikde çözmek we ýokary okuw mekdepleriniň işläp düzen täzelikleriniň önümçilikde peýdalanylyşyny giňeltmek maksady bilen, ykdysadyýetiň pudaklary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ösdürmek boýunça möhüm işleri amala aşyrýar.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan berlen ygtyýarnama esasynda 2020-nji ýyldan başlap, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň saýlap alan ugurlary boýunça hünär-bilimini kämilleşdirmek, talyplaryň ylma bolan höwesini artdyrmak, olary maddy taýdan höweslendirmek hem-de kiberhowpsuzlygy üpjün etmek bilen, programma üpjünçilikleri döretmek we şertnama esasynda olary kärhanalara ornaşdyrmak ugrunda birnäçe işleri alyp barýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň birnäçe edara-kärhanalarynda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirip, programma üpjünçilik toplumlaryny döredilmegi we kämilleşdirilmegi dowam etdirilýär.
Innowasiýa ylmy-okuw merkezi ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça düýpli we amaly ylmy-barlag hem-de taslama işlerini alyp barmak; ylmy işgärleriň, professor-mugallymlaryň, talyplaryň taýýarlan ylmy işlerini, innowasiýalaryny we oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak; nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş kärhanalaryna sanly ykdysadyýeti we innowasiýa çözgütleri ornaşdyrmagyň ýollaryny we ugurlaryny kesgitlemek; nebiti we gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemekde nebitgaz toplumynyň kärhanalary bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini alyp barmak we ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri önümçilige hödürlemek ugrunda giň möçberli işleri alyp barýar. Häzirki wagtda Innowasiýa ylmy-okuw merkezi “Türkmengaz” döwlet konserni hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen şertnama baglaşyp, ylmy-tehniki goldawyny bermek, oýlap tapyşlary önümçilige ornaşdyrmak ugrunda şertnamalaýyn işler ýerine ýetirildi we goşmaça şertnamalary baglaşyp, täze teklipleri önümçilige ornaşdyrmak ugrunda işler alnyp barylýar.
Habarlaşmak üçin:
- Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň binasy
- Tel: (+99312)39-14-82
- Faks: (+99312)39-14-00
- E-mail: iuog@sanly.tm
- Web-saýt: iogu.edu.tm