Uniwersitetiň gurluşy

Işgärler we ýörite bölümi

12 Sentýabr 2023

           Işgärler we ýörite bölüminiň maksady – uniwersitetiň meselelerine we ugurlaryna laýyklykda talap edilýän hünärlere we kärlere eýebolan işgärler bilen üpjün etmek, işgärler syýasatyny işläp düzmek, zähmet kanunçylygyna laýyklykda işgärleriň hukuklaryny, ýeňilliklerini wekepilliklerini berjaý etmek, şeýle hem uniwersitetiň Tertipnamasyna,Türkmenistanyň Zähmet kodeksine hem-de uniwersitetiň Işgärler we ýörite bölümihakynda Düzgünnama laýyklykda iş dolandyrylyşyny alyp barmakdyr.

Alyp barýan işleriniň ugurlary:

  • uniwersitetiň Tertipnamasyna laýyklykda, içerki tertip-düzgün kadalaryny işläp düzmek we kabul etmek;
  • uniwersitetiň gurluşyny düzmek, çyzgydyny bellemek, işgärler sanawyny işläp düzmek, işgärleriň arasynda wezipe borçlaryny bellemek we paýlamak;
  • uniwersitetiň professor-mugallymlary, edara ediş-dolandyryş, okuw-kömekçi we inžener-tehniki işgärleri seçip almak we işe kabul etmek, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we kadaly zähmet şertleri bilen üpjün etmek;
  • amaly işleriniň barşynda işgärleriň iş we ahlak häsiýetlerini öwrenmek;
  • ýolbaşçy wezipelere teklip etmek üçin, hünärmen ätiýaçlygyny döretmek;
  • bölümiň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak;
  • zähmet kanunçylygyna laýyklykda, hünärmenleriň we işgärleriň kepilliklerini üpjün etmek;
  • hasabatlary taýýarlamak we olary talap edilýän ýerlerine bermek;
  • işgärler köpçüliginiň arasynda gowy aragatnaşygy ýola goýmak;
  • işgärler bilen işlemek boýunça esasy çäreleriň meýilnamalaryny işläp düzmek.

Işgärler we ýörite bölüminiň esasy wezipeleri:

  • Türkmenistanyň ýokary taýýarlykly işgärlere we ýokary bilimli hünärmenlere bolan talaplaryny kanagatlandyrmak;
  • uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümini gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak;
  • zähmet hukuk gatnaşyklaryny hasaba almak;
  • zähmet hakynyň tölenmegini guramak;
  • raýatlaryň bilim almak baradaky konstitusion hukuklaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, olaryň ruhy, ylmy-aňyýet taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli zerur bolan başlangyçlary we şertleri döretmek;
  • işgärleriň öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek;
  • iş şertlerini durnuklaşdyrmak we howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça işleri utgaşdyrmak;
  • professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň we ylmy işgärleriň özara tejribe alyşmagyny amala aşyrmak, olary ýurdumyzyň, daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezlerine hünär kämilleşdiriş okuwyna we iş saparlaryna ugratmak.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Baş bina, 5-nji gat, otag 513
  • Tel: (+99312)39-13-08
  • Faks: (+99312)39-14-00
  • E-mail: iuog@sanly.tm
  • Web-saýt: iogu.edu.tm