Uniwersitetiň gurluşy

Kompýuter hasaplaýyş merkezi

12 Ýanwar 2022

Kompýuter hasaplaýyş merkeziniň işiniň esasy ugurlary

     Kompýuter hasaplaýyş merkezi (KHM), Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň (HNGU) düzüm bölegi bolup, uniwersitetiň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryna esaslanýan ylym-bilim işlerine, gözleglerine, administratiw we dolandyryş işlerine maglumat we tehniki goldaw berýär.

    KHM-nyň esasy wezipesi, uniwersitetiň işleriniň esasy ugurlary boýunça netijeli işlemegi üpjün etmek üçin häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we alyp barmakdan ybaratdyr.

KHM aşakdakylar üçin niýetlenendir:

  • kompýuter otaglarynda okuw we ylym işlerini üpjün etmek;
  • uniwersitetiň düzüm böleklerinde kompýuter tehnikasyna hyzmat etmek;
  • uniwersitet boýunça hasaplaýyş tehnikasyny we sarp ediş materiallaryny, printerleri we göçürijileri satyn almak üçin spesifikasiýalary düzmek;
  • uniwersitetiň dolandyryş hyzmatlary gulluklarynyň işini awtomatlaşdyrmak;
  • kompýuterleriň ýagdaýlarynyň içki auditini alyp barmak;
  • uniwersitetiň mugallymlarynyň we işgärleriniň kompýuter hünär derejesini ýokarlandyrmak.
img

Kompýuter hasaplaýyş merkezi

           Merkeziň esasy maksady sanly bilim ulgamyny, sanly ykdysadyýeti, innowasion tehnologiýalary uniwersitetiň okuw we ylmy işlerine ornaşdyrmak hem-de kiberhowpsuzlygy üpjün etmek. Uniwersitetiň sanly bilim portalyny, resmi web-saýtyny, elektron resminama dolanşygyny dolandyrmak we kämilleşdirmek.

           Merkezde bilim bermek işine täze tehnologiýalary girizmek we ornaşdyrmak, uniwersitetiň Internet toruny we bilim bankyny kämilleşdirmek, elektron kitaplaryny döretmek, sanly bilim syýasatyny durmuşa geçirmek işleri, programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak, lokal tora we kompýuterlere hyzmat etmek, kompýuter tehnologiýalary boýunça maslahatlar we okuw  sapaklaryny geçirmek, uniwersitetiň lokal torlarynyň üsti bilen dürli sanly serişdeleri boýunça hyzmatlary amala aşyrylýar. Merkez kiberhowpsuzlygy we serwerleri dolandyrmak işleri, maglumatlary goramak, uniwersitetiň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri  alyp barýar. Kiberhowpsuzlygyň subýektleriniň işini utgaşdyrýar we oňa gözegçilik edýär.

           Uniwersitetiň maglumat giňişligine we maglumat infrastrukturalarynyň obýektlerine gönükdirilen kiberhowplary ýüze çykarýar, olaryň öňüni almakda degişli işleri alyp barýar.

           Häzirki wagtda internet torunyň üsti bilen www.iogu.edu.tm salgysy boýunça uniwersitet barada esasy maglumatlar bilen tanşyp bolýar.

            Web-saýtyň sahypasyny dolandyryş we gorag işleri merkeziň hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýar.

            Innowasion tehnologiýalary esasynda uniwersitetiň elektron okuw ulgamy bolan Moodle tehnologiýasy hereket edýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen uzak aralykdan okuw sapaklaryny, ders bäsleşiklerini, seminarlary we ylmy-amaly maslahatlary gurnamaga mümkinçilik berýär.

            Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw işlerine gözegçilik we elektron resminama dolanşygy uniwersitetiň hünärmenleri tarapyndan döredilen  degişli programma üpjünçiligi arkaly amala aşyrylýar.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: 744036, Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, Baş bina, 14-nji gat, otag 413
  • Tel: (+99312) 39-13-36
  • Faks: (+99312) 39-14-00
  • E-mail: iuog@online.tm
  • Web-saýt: iogu.edu.tm