TÄZELIKLER

img

Woleýbolçylaryň üstünlikleri

10 Noýabr 2023

    Hormatly  Gahryman  Arkadagymyz,  Arkadagly  Gahryman  Serdarymyz  ýurdumyzda   sporty   ösdürmäge,  ýaşlaryň  sportuň  dürli  görnüşleri   bilen meşgullanmaklaryna   uly   ähmiýet   berýär, ýurdumyzda   dünýä  ülňülerine   laýyk   gelýän  sport  desgalary  gurlup  ulanylmaga   berilýär. Bu sport  desgalarynda türgenleşikler  we  dürli  ýaryşlar  yzygiderli   geçirilýär.

    “Arkadag  Serdarly  bagtyýar  ýaşlar  ýyly”diýlip  atlandyrylan   2023-nji  ýylyň  16-17-nji  sentýabrynda  şanly  Garaşsyzlygymyzyň  32  ýyllygy  mynasybetli sportuň  woleýbol  görnüşi  boýunça   Bäherden  etrabynyň  açyk  çempionatynda  Ýagşygeldi   Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetiň “Nebitçi” woleýbol ýygyndy  topary  çykyş   edip,  baýrakly  I orna   mynasyp  boldy.

     2023-nji  ýylyň  11-19-njy  sentýabry   aralygynda   Türkmenistanyň   Magtymguly   adyndaky   Yaşlar   guramasynyň  ÝUNESKO-nyň   Bütindünýä  Yaşlar  jemgyýetiniň resmi  agzalygyna   kabul   edilmegi, şeýle   hem “Halkara   talyplar  sporty  güni” mynasybetli   Türkmen  döwlet   bedenterbiýe   we   sport   institutynda   ýurdumyzyň ýokary  okuw   mekdepleriniň   talyplarynyň   arasynda   geçirilen “Arkadag   Serdarly   bagtyýar   ýaşlaryň  sport, sagdyn  durmuş  baş  ýörelgesidir” atly  köpçülikleýin bedenterbiýe-sport,  sagdyn   durmuş, medeni  çäreleriniň  çäginde  sportuň  woleýbol   görnüşi   boýunça   ýaryş   geçirildi.  Ýaryşda   Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara   nebit  we   gaz   uniwersitetiniň   “Nebitçi”   woleýbol   ýygyndy  topary  çykyş  edip, baýrakly  I  orna  mynasyp  boldy.

     2023-nji  ýylyň   01-10-njy  noýabry  aralygynda  Türkmenistanyň   ýokary   okuw  mekdepleriniň   talyplarynyň  arasynda  geçirilen “Türkmenistan– ruhubelentligiň  we sagdynlygyň  ýurdy” atly  XIII  Uniwersiadada  Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky Halkara  nebit   we gaz  uniwersitetiniň  “Nebitçi”  woleýbol  topary  üstünlikli  çykyş  edip, I orna  mynasyp  boldy.

     Bu  üstünlikler  gelejekde  ýaşlary  has  hem  ýokary  netijeleri  gazanmaga  ruhlandyryp, olarda  guwanç, buýsanç  duýgularyny  döredýär.