Wodorod energetikasy merkezi

Türkmenistanda wodorod energetika pudagyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

    2023-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň  orunbasary B.Mätiýewiň  ýolbaşçylygynda Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek boýunça  pudagara iş toparynyň 2-nji mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary  syýasat edarasy habar berýär.

Mejlisiň işine ýurdumyzyň  degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri  gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda  bu ugurda ileri tutulýan meseleleriň toplumyna seredildi. Hususanda, mejlise gatnaşanlar Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy  ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny ýerine ýetirmek hem-de bu ugry ösdürmek babatynda daşary ýurt tejribesini öwrenmek ýaly meseleleri araalyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşaryişler ministriniň orunbasarynyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň  biri energetika diplomatiýasy bolup durýar. Türkmenistan energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge  öz goşandyny goşýar, bu ugurda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär hem-de  halkara we sebit ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly işlere  işjeň gatnaşýar.

Duşuşyga gatnaşanlaryň  bellemegine görä, wodorod energetikasy ulgamynda ýurdumyzyň halkara  başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola  goýmak, Türkmenistanda häzirki  zaman tehnologiýalaryna esaslanýan we degişli  hünärmenler bilen üpjün edilen ýokary öndürijilikli wodorod energetikasy ulgamyny  döretmek barada işler alnyp barylýar. Bu babatda, ýurdumyzyň wodorod  energetikasy ugrunda ylmy binýady berkitmek maksady bilen, bu pudak üçin hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek  wezipesiniň möhümdigi bellendi. Şunuň bilen baglylykda, Ýagşygeldi Kakaýew  adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory, tehniki ylymlaryň  kandidaty Batyr Mämmedow uniwersitetde  döredilen wodorod energetikasy boýunça merkeziniň ýerine ýetiren işleri bilen  tanyşdyryldy.

Şeýle hem mejlisde  çykyş edenler Türkmenistanyň wodorod energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlygy  ösdürmek babatynda abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen  Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleleşigi, Aziýa Ösüş banky, şeýle hem Beýik Britaniýa, ABŞ, Ýaponiýa we  beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.

img