Wodorod energetikasy merkezi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Wodorod energetikasy merkeziniň alnyp barylýan ylym-barlag işleri.

    Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Wodorod energetikasy merkeziniň tejribehanasynda elektroliz usuly arkaly suwdan wodorod ýangyjyny almak boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin tejribehana desgasy ýygnaldy

img

Geçirilen barlaglardan görnüişi ýaly, elektrolizreaksiýasy  otag temperaturasy  we adaty atmosfera basyşy şertlerinde oňatnetijeleri berýändigi anyklandy.

img

Wodorod bilen barlag geçirmegiň tehniki howpsuzlykboýunça kadalary öwrenildi we olar ylmy barlaglarda doly ýerine ýetirilýär.

Wodorod energetikasy merkeziniň hünärmenleri tarapyndanbarlaghana enjamy döredildi we onuň kömegi bilen tebigy gazdan wodorod weuglerod almagyň plazmohimiki innowasion tehnologiýasy işlenip düzüldi.

img

    Bu usul bilen alnan wodorod “Agilent Technologies6890” kysymly gaz hromatografynda analiz edildi we şeýlelikde tebigy gazdanwodorodyň emele gelýändigi doly subut edildi.

img

    Merkeziň hünärmenleri we alymlary tarapyndan döredilenplazmohimiki enjamda diňe bir wodorod däl, eýsem uglerodyň hem alynýandygygörkezildi. Bu bolsa bu önümleri öndürmegiň zyňyndysyz täze tehnologiýasynyňişlenip düzülendigini aňladýar.