TÄZELIKLER

img

Taryhy üstünlik

10 Aprel 2024

    Hormatly Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda sporty ösdürmäge, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklaryna uly ähmiýet berýär. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalary gurlup ulanylmaga berilýär. Bu sport desgalarynda türgenleşikler we dürli ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.

    2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2024-nji ýylyň aprel aýy aralygynda Türkmenistanyň woleýbol boýunça erkekleriň klub toparlarynyň arasynda milli çempionaty geçirildi. 2024-nji ýylyň 1-10-njy apreli aralygynda bu ýaryşyň IV tapgyry tamamlandy.

    Ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” woleýbol topary üstünlikli çykyş edip, I orna we Türkmenistanyň çempiony diýen ada mynasyp boldy.

    Ýaryş Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sport toplumynda geçirildi.

    Bu üstünlikler gelejekde türgen talyplary has hem ýokary netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar.