Wodorod energetikasy merkezi

Wodorod energetikasy merkezi barada

  I.  Umumy düzgünler

      1.1. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz  uniwersitetinde  Wodorod energetikasy merkezi  (mundan beýläk -Merkez), Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň (mundan  beýläk uniwersitet)  Türkmenistanyň  Prezidentiniň  2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda çykaran  2581-nji karary bilen  tassyklanan “Türkmenistanyň  wodorod energetikasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça  2022-2023-nji  ýyllar üçin  Ýol kartasynyň  "Meýilnamasyna  laýyklykda  döredildi we ol uniwersitetiň gurluş düzümine degişli bolup, Türkmenistanda  wodorod energetikasy pudagyny döretmek we ösdürmek  maksady bilen, ýokary  derejeli hünärmenleri  taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygy  ýola goýmak işlerini guraýar we amala aşyrýar. Merkez edara  görnüşli tarap  bolup durmaýar.

      1.2. Merkez öz işini amala aşyranda Türkmenistanda  hereket edýän kanunçylyk  namalaryna, Türkmenistanyň  Bilim  ministrliginiň kadalaşdyryş-usulyýet  resminamalaryna, Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň tabşyryklaryna we görkezmelerine, Uniwersitetiň  Tertipnamasyna we rektoryň buýruklaryna hem-de görkezmelerine, şu Düzgünnama  esaslanýar.

      1.3. Merkeziň işi meýletin jemgyýetçilik başlangyçlary  esasynda amala aşyrylýar.

      1.4. Merkez öz işini onuň ýolbaşçysy  tarapyndan  işlenip düzülýän we uniwersitetiň  rektory tarapyndan tassyklanylýan  ýyllyk we uzak möhletli  tematiki  meýilnamalara laýyklykda alyp  barýar.

      1.5. Merkez öz öňünde  goýlan  wezipeleri ýerine  ýetirmek maksady bilen, uniwersitetiň  adyndan ministrlikleriň we pudak  edaralarynyň degişli kärhanalary we guramalary, ylmy-barlag institutlary bilenylmy-okuw hyzmatdaşlyk  babatynda  şertnamalary  baglaşyp  biler.

      1.6. Merkezi  üýtgedip gurmak we ýatyrmak uniwersitetiň  Tertipnamasyna  laýyklykda  rektoryň buýrugy esasynda amala  aşyrylýar.

                                                                         II. Merkeziň maksady we wezipeleri

      2.1. Merkeziň  esasy  maksady Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny döretmek we ösdürmek  maksady  bilen, ýokary derejeli  hünärmenleri  taýýarlamakdan hem-de  buugurda  halkara ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan, ylmy-barlag işleriniýerine ýetirmekden, innowasion  ylmy-okuw maksatnamalaryny işläp   düzmekden hem-de önümçilige ornaşdyrmakdan ybarat.

      2.2. Kesgitlenen maksada laýyklykda Merkeziň öňündeşu aşakdaky wezipeler durýar:

        -  wodorod energetikasy pudagyny döretmek we  ösdürmek babatda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň,  kompaniýalarynyň tejribelerini öwrenmek üçin maglumatlary toplamak we  seljermek;

        -  hyzmatdaş daşary ýurt ýokary okuw  mekdepleriniň  professor-mugallymlarynyň  we halkara guramalarynyň tejribeli hünärmenleriniň   wodorod energiýasy ugry  boýunça  sanly ulgam arkaly onlaýn okuwlaryny geçmeklerini  guramak;

        -  Merkezde mugallymlaryň we  hünärmenleriň  hünär  başarjaňlyklaryny artdyrmak  boýunça  tejribeligi guramak;

       -  uniwersitetiň  hünärmenleriniň  we  talyplarynyň  ýurdumyzyň  ylmy-barlag merkezlerinde hem-de daşary  ýurtlaryň  öňdebaryjy  kompaniýalarynyň ýurdumyzdaky şahamçalarynda hünär başarjaňlygyny artdyrmak boýunça  gysga  möhletli okuwlaryny we tejribeligi guramak;

       -  wodorod  energetikasy boýunça halkara  hyzmatdaşlygyny öwrenmek we ýola goýmak;

       - wodorod  energetikasy boýunça  seminarlary,  halkara ylmy-amaly  maslahatlary we webinar duşuşyklaryny geçirmek;

        - Türkmenistanda  wodorod energetikasyny öndürmek maksady bilen, dünýäde bar  bolan  öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça  teklipleri taýýarlamak;

        -  wodorod energetikasy boýunça düýpli we tejribe ähmiýetli ylmy barlaglary,  synaglary  geçirmek;

        - Merkeziň  tematiki ylmy barlaglary, synaglary boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň abraýly  ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilen  işleri utgaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy saklamak;

        -  Merkeziň alypbarýan  işleri barada  ýurdumyzyň  we daşary ýurtlaryň  köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalary çap etmek.

                                                                               III. Merkeziň dolandyrylyşy

        3.1. Merkeziň  işini  dolandyrmagy  uniwersitetiň   Alymlar geňeşiniň agzalarynyň  ses  bermegi  esasynda hödürlenilýän we rektoryň   buýrugy  bilen bellenilýän  ylmy  ýolbaşçy amala  aşyrýar.  Merkeziň  ylmy ýolbaşçysy  uly abraýdan  peýdalanýan,  kärine ussat,ylymlaryň  doktory ýa-da kandidaty  alymlyk derejesi  bolmalydyr,  onuň ylmy-pedagogiki iş tejribesi bolsa 3 (üç) ýyldan az  bolmaly däldir.

       3.2. Merkeziň direktory uniwersitetiň  rektorynyň garamagynda durýar.

       3.3. Direktor Merkeziň esasy  wezipeleriniň  ýerine ýetirilmegini  üpjünedýär, onuň  gündelik işini guraýar.

                                                                                 IV. Jogapkärçilik

      4.1.  Merkeziň resminamalary  nädogry ýa-da möhletinde,   şeýle hem şu Düzgünnamada göz  öňünde tutulan wezipeler ýokary hilli ýerine  ýetirilmedik ýagdaýynda  Merkeziň direktory jogapkärçilik çekýär.                        

                                                                                 V. Jemleýji  düzgünler

        5.1. Düzgünnama uniwersitetiň  Alymlar  geňeşiniň  2022-nji  ýylyň 9-njy  fewralynda  geçirilen  №1  belgili mejlisiniň  karary bilen  makullanyldy.

        5.2. Şu düzgünnama  makullanylan  senesinden  başlap  güýje girýär we möhletsiz hereket edýär.

        5.3. Düzgünnama  üýtgetmeler  we goşmaçalar  uniwersitetiň  Alymlar geňeşiniň  teklipleri  boýunça  girizilip  bilner.

        5.4. Merkeziň direktory Merkezde ýerine ýetirlen  işleri  barada ýyllyk  hasabaty  taýýarlaýar we uniwersitetiň  Alymlar geňeşiniň mejlisinde hasabat berýär.