I. Umumy düzgünler
1.1. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energetikasy merkezi (mundan beýläk -Merkez), Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň (mundan beýläk uniwersitet) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda çykaran 2581-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň wodorod energetikasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň "Meýilnamasyna laýyklykda döredildi we ol uniwersitetiň gurluş düzümine degişli bolup, Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak işlerini guraýar we amala aşyrýar. Merkez edara görnüşli tarap bolup durmaýar.
1.2. Merkez öz işini amala aşyranda Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyk namalaryna, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň kadalaşdyryş-usulyýet resminamalaryna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň tabşyryklaryna we görkezmelerine, Uniwersitetiň Tertipnamasyna we rektoryň buýruklaryna hem-de görkezmelerine, şu Düzgünnama esaslanýar.
1.3. Merkeziň işi meýletin jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda amala aşyrylýar.
1.4. Merkez öz işini onuň ýolbaşçysy tarapyndan işlenip düzülýän we uniwersitetiň rektory tarapyndan tassyklanylýan ýyllyk we uzak möhletli tematiki meýilnamalara laýyklykda alyp barýar.
1.5. Merkez öz öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, uniwersitetiň adyndan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň degişli kärhanalary we guramalary, ylmy-barlag institutlary bilenylmy-okuw hyzmatdaşlyk babatynda şertnamalary baglaşyp biler.
1.6. Merkezi üýtgedip gurmak we ýatyrmak uniwersitetiň Tertipnamasyna laýyklykda rektoryň buýrugy esasynda amala aşyrylýar.
II. Merkeziň maksady we wezipeleri
2.1. Merkeziň esasy maksady Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan hem-de buugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan, ylmy-barlag işleriniýerine ýetirmekden, innowasion ylmy-okuw maksatnamalaryny işläp düzmekden hem-de önümçilige ornaşdyrmakdan ybarat.
2.2. Kesgitlenen maksada laýyklykda Merkeziň öňündeşu aşakdaky wezipeler durýar:
- wodorod energetikasy pudagyny döretmek we ösdürmek babatda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleriniň, kompaniýalarynyň tejribelerini öwrenmek üçin maglumatlary toplamak we seljermek;
- hyzmatdaş daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we halkara guramalarynyň tejribeli hünärmenleriniň wodorod energiýasy ugry boýunça sanly ulgam arkaly onlaýn okuwlaryny geçmeklerini guramak;
- Merkezde mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär başarjaňlyklaryny artdyrmak boýunça tejribeligi guramak;
- uniwersitetiň hünärmenleriniň we talyplarynyň ýurdumyzyň ylmy-barlag merkezlerinde hem-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýurdumyzdaky şahamçalarynda hünär başarjaňlygyny artdyrmak boýunça gysga möhletli okuwlaryny we tejribeligi guramak;
- wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny öwrenmek we ýola goýmak;
- wodorod energetikasy boýunça seminarlary, halkara ylmy-amaly maslahatlary we webinar duşuşyklaryny geçirmek;
- Türkmenistanda wodorod energetikasyny öndürmek maksady bilen, dünýäde bar bolan öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak;
- wodorod energetikasy boýunça düýpli we tejribe ähmiýetli ylmy barlaglary, synaglary geçirmek;
- Merkeziň tematiki ylmy barlaglary, synaglary boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilen işleri utgaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy saklamak;
- Merkeziň alypbarýan işleri barada ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalary çap etmek.
III. Merkeziň dolandyrylyşy
3.1. Merkeziň işini dolandyrmagy uniwersitetiň Alymlar geňeşiniň agzalarynyň ses bermegi esasynda hödürlenilýän we rektoryň buýrugy bilen bellenilýän ylmy ýolbaşçy amala aşyrýar. Merkeziň ylmy ýolbaşçysy uly abraýdan peýdalanýan, kärine ussat,ylymlaryň doktory ýa-da kandidaty alymlyk derejesi bolmalydyr, onuň ylmy-pedagogiki iş tejribesi bolsa 3 (üç) ýyldan az bolmaly däldir.
3.2. Merkeziň direktory uniwersitetiň rektorynyň garamagynda durýar.
3.3. Direktor Merkeziň esasy wezipeleriniň ýerine ýetirilmegini üpjünedýär, onuň gündelik işini guraýar.
IV. Jogapkärçilik
4.1. Merkeziň resminamalary nädogry ýa-da möhletinde, şeýle hem şu Düzgünnamada göz öňünde tutulan wezipeler ýokary hilli ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda Merkeziň direktory jogapkärçilik çekýär.
V. Jemleýji düzgünler
5.1. Düzgünnama uniwersitetiň Alymlar geňeşiniň 2022-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen №1 belgili mejlisiniň karary bilen makullanyldy.
5.2. Şu düzgünnama makullanylan senesinden başlap güýje girýär we möhletsiz hereket edýär.
5.3. Düzgünnama üýtgetmeler we goşmaçalar uniwersitetiň Alymlar geňeşiniň teklipleri boýunça girizilip bilner.
5.4. Merkeziň direktory Merkezde ýerine ýetirlen işleri barada ýyllyk hasabaty taýýarlaýar we uniwersitetiň Alymlar geňeşiniň mejlisinde hasabat berýär.