Talyp durmuşy

Talyp durmuşy

         Ýagşygeldi  Kakaýew  adyndaky  Halkara  nebit  we  gaz  uniwersitetinde  talyplaryň  döwrebap  bilim  almaklary, sapaklaryndan  boş  wagtlary medeniýetli  dynç  almaklary,  sagdyn  bolmaklary, ylmy-döredijilik, şeýle-de  sport  bilen  meşgullanmaklary  üçin  ähli  şertler  we  mümkinçilikler  döredilendir.

         Talyp  ýaşlar  uniwersitetiň “Gara altyn” tans, folklor  we  aýdym-saz  toparlarynyň  düzümine  işjeň  gatnaşýarlar. Talyplar ähli amatly  şertleri bolan umumy  ýaşaýyş  jaýlary  bilen  üpjün  edilýär. Talyplar üçin naharhana, dükan  we  bufetler  hyzmat  edýär.

img

       Berkarar  döwletiň  täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen talyp ýaşlarymyzyň  ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hilini ýokarlandyrmak, olaryň  okamaklary  we  okuwdan  boş  wagtlary medeniýetli  dynç almaklaryny üpjün  etmek  üçin uniwersitetiň umumy  ýaşaýyş  jaýlarynda ähli  zerur  durmuş  şertleri  döredilendir. Häzirki  wagtda  uniwersitetde umumy  ýaşaýyş  jaýlaryň  6-sy  bolup, olar  ýörite  enjamlaşdyrylan  howany ýyladyş we  sowadyş  ulgamy, aşhana, kir  ýuwulýan, tikin, okuw  we «Bagtyýarlyk» otaglary  bilen  üpjün edilen.

img

      «Bagtyýarlyk» otagynda  talyplara  Gahryman  Arkadagymyzyň  kitaplary, döwürleýin  neşirler, dünýäde  bolup  geçýän  wakalar bilen  içgin tanyşmaga zerur  şertler  döredilen.

img

         Uniwersitetiň  talyp  ýaşlary, her  ýylda  ýurdumyzyň  ýokary  okuw  mekdepleriniň  arasynda  geçirilýän «Talyp gözeli», «Berkarar  döwletiň  bagtyýar gerçekleri»  we  «Talyp joşguny», Türkmenistanyň  Magtymguly  adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim  ministrliginiň bilelikde  guramagynda «Ýylyň  talyby» döwlet  bilim  bäsleşigine hem-de  döwlet derejesinde geçirilýän beýleki  bäsleşiklere  işjeň  gatnaşyp, baýrakly  orunlara  mynasyp  bolýarlar.

        Talyplar  okuwdan  boş  wagtlary  ylmy-döredijilik  işleri  bilen  meşgullanýarlar  hem-de olar  üçin  belli  medeniýet  we  sungat  işgärleri  bilen  döredijilik duşuşyklary gurnalýar. Talyplar öz halypa mugallymlary bilen ýurdumyzyň taryhy, medeni merkezlerine we muzeýlere gezelenç edýärler, ýurdumyzyň dürli kitaphanalaryndan peýdalanýarlar. Şeýle hem, talyplaryň arasynda medeni-köpçülik we döredijilik bäsleşikleri we sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär.

        Her  ýyl  “Iň  oňat  talyp  otagy” we “Uniwersitetiň  iň  gowy  umumy  ýaşaýyş jaýy” ady  bilen  bäsleşikler  geçirilýär. Ýeňijiler  diplomlar, hormat hatlary  we  gymmat  bahaly  sowgatlar  bilen  sylaglanylýar. Ýeňijiler  barada maglumat  we  olaryň  suratlary  uniwersitetiň  sanly  bilim  portalynda ýerleşdirilýär.

       Uniwersitetde  hereket  edýän  medeni  merkeziň  düzümindäki  aýdym-saz  topary, talyp  gyzlardan  we  oglanlardan  ybarat  bolan «Gara altyn»  tans topary  häzirki  zaman  halk  aýdymlary, tanslary  bilen  ýurdumyzda  geçirilýän  baýramçylyk  dabaralaryna  işjeň  gatnaşýarlar.

      Talyplar  bilen  geçirilýän  okuw, terbiýeçilik, ylmy, medeni-köpçülik  we  sport  çäreleriniň  esasy  maksady  bolsa  olaryň  kämil, hemmetaraplaýyn taýýarlykly, hünär  endiklerini  doly  ele  alan  ýaşlar  bolup  ýetişmegini  gazanmakdan  ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň  häzirki  döwrüň  talyp  ýaşlary baradaky  tagallalary  ýurdumyzyň  geljekki  ösüşini  şertlendirýär  we  oňyn  netijelerini  berýär.