Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň döwrebap bilim almaklary, sapaklaryndan boş wagtlary medeniýetli dynç almaklary, sagdyn bolmaklary, ylmy-döredijilik, şeýle-de sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilendir.
Talyp ýaşlar uniwersitetiň “Gara altyn” tans, folklor we aýdym-saz toparlarynyň düzümine işjeň gatnaşýarlar. Talyplar ähli amatly şertleri bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär. Talyplar üçin naharhana, dükan we bufetler hyzmat edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen talyp ýaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hilini ýokarlandyrmak, olaryň okamaklary we okuwdan boş wagtlary medeniýetli dynç almaklaryny üpjün etmek üçin uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ähli zerur durmuş şertleri döredilendir. Häzirki wagtda uniwersitetde umumy ýaşaýyş jaýlaryň 6-sy bolup, olar ýörite enjamlaşdyrylan howany ýyladyş we sowadyş ulgamy, aşhana, kir ýuwulýan, tikin, okuw we «Bagtyýarlyk» otaglary bilen üpjün edilen.
«Bagtyýarlyk» otagynda talyplara Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, döwürleýin neşirler, dünýäde bolup geçýän wakalar bilen içgin tanyşmaga zerur şertler döredilen.
Uniwersitetiň talyp ýaşlary, her ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» we «Talyp joşguny», Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda «Ýylyň talyby» döwlet bilim bäsleşigine hem-de döwlet derejesinde geçirilýän beýleki bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Talyplar okuwdan boş wagtlary ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanýarlar hem-de olar üçin belli medeniýet we sungat işgärleri bilen döredijilik duşuşyklary gurnalýar. Talyplar öz halypa mugallymlary bilen ýurdumyzyň taryhy, medeni merkezlerine we muzeýlere gezelenç edýärler, ýurdumyzyň dürli kitaphanalaryndan peýdalanýarlar. Şeýle hem, talyplaryň arasynda medeni-köpçülik we döredijilik bäsleşikleri we sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär.
Her ýyl “Iň oňat talyp otagy” we “Uniwersitetiň iň gowy umumy ýaşaýyş jaýy” ady bilen bäsleşikler geçirilýär. Ýeňijiler diplomlar, hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylýar. Ýeňijiler barada maglumat we olaryň suratlary uniwersitetiň sanly bilim portalynda ýerleşdirilýär.
Uniwersitetde hereket edýän medeni merkeziň düzümindäki aýdym-saz topary, talyp gyzlardan we oglanlardan ybarat bolan «Gara altyn» tans topary häzirki zaman halk aýdymlary, tanslary bilen ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar.
Talyplar bilen geçirilýän okuw, terbiýeçilik, ylmy, medeni-köpçülik we sport çäreleriniň esasy maksady bolsa olaryň kämil, hemmetaraplaýyn taýýarlykly, hünär endiklerini doly ele alan ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň häzirki döwrüň talyp ýaşlary baradaky tagallalary ýurdumyzyň geljekki ösüşini şertlendirýär we oňyn netijelerini berýär.